Ýüzärlik
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 13-nji martynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz maslahatyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny hem diňledi we onuň barşynda dürli görnüşli, göze görünmeýän wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almakda ýüzärlik tüssesiniň netijelidigini köp asyrlaryň durmuş tejribesiniň subut edendigini belläp geçdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gözel tebigaty, ynsan saglygyna melhemlik täsirli dermanlyk ösümliklere iňňän baýdyr. Munuň şeýledigini Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndaky dermanlyk ösümlikler bilen baglanyşykly beýan edilýän giňişleýin maglumatlary hem tassyklaýar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri hem ýüzärlikdir. Il içinde ýüzärlik ýüz derdiň dermany hasaplanylýar. Bu dogrusynda Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda şeýle belleýär: “Muhammet Hüseýn Gündogar halk lukmançylygynda bu ösümligiň ulanylyşy barada şeýle ýazýar: «Üzärlik näzik serişde, çyglygyň netijesinde dörän kükrek kesellerini bejerýär. Ysy hem içegedäki ýeli aýyrýar; aşgazandaky we içegelerdäki ereýän hem-de goýy, iriňli massalary aýyrýar».
Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadylyp taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamada, gyzzyrma keselinde ulanylýar. Oty gaýnadylan suw bilen syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyry, gijilewük we beýleki deri keselleri bejerilýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, paýhasly pederlerimiz täze jaýa göçüp gelende, öýe täze gelin gelende ýüzärlik tütetmek dessuryna pugta eýeripdirler. Bu ýagşy dessur häzirki döwürde-de dowam etdirilýär. Ýüzärligiň birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýandygy, onuň adamlaryň bedeninde kesele durumlylygy berkidýändigi ylmy taýdan hem ykrar edilen hakykatdyr. Ýüzärligiň ysyndan zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy ozaldan subudyny tapdy. Şonuň üçin mahal-mahal ýüzärlik tütetmek ynsan saglygy üçin peýdalydyr.
Tebigata ýaz paslynyň aralaşmagy bilen, açyk meýdanda ýüzärlik ösümligi hem ýygy-ýygydan duş gelýär. Ýurdumyzyň lukmançylyk nyşanynda ýüzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi hem tötänden däldir. Çünki ýüzärlik ylmy lukmançylykda-da halk tebipçiliginde-de ençeme keselleriň garşysyna giňden peýdalanylýar.