Akyldaryň sarpasy


Akyldaryň sarpasy

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde guramagynda, paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňündäki meýdançada ýazyjy-şahyrlaryň çeper okaýyşlary, aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýädäki hormat-sarpasy has-da belende göterilýär.

Söz äleminiň çuňluklaryny boýlan akyldar şahyr Magtymguly Pyragy nusgalyk döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna saldamly goşant goşan, türkmen edebiýatyny bolsa şöhratlandyran beýik şahsyýetdir. Şahyryň manydan dok şygyrlary nesillerden nesillere geçip, adamzada mekdep bolup hyzmat edýär. Söz ussadynyň Jemşidiň jamyna deňelýän döredijiligi ähli sowallara makul jogap bolup biljek gymmatly miras. Hormatly Prezidentimiziň: «Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.» – diýip, parasatlylyk bilen bellemegi, şahyra häzirki döwürde goýulýan sarpanyň çäksizdigini aýan edýär.

Akyldaryň köptaraply döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesliklerine wepalylyk, päk ahlaklylyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde egsilmez hazynadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr.» – diýip, ussadyň döredijiligine ýokary baha berýär.

Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ynsan durmuşy we ruhy zerurlyklary üçin ýol-ýörelgedir. Şahyryň şygyrlary dünýä edebiýatynyň medeni gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak bilen adamzat paýhasynyň öçmez çyragyna öwrüldi. Söz ussadynyň adamzadyň kalbynda baky orun alan şygyrlarynyň, daşary ýurtlardan tapylan hem-de alymlar tarapyndan öwrenilen golýazmalarynyň dünýä dillerine terjime edilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr.

Sözden pähim-paýhas ummanyny döreden şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nesiller üçin ýagty ýol görkeziji şamçyragdyr. Şahyryň dogruçyl, paýhasa eýlenen setirleri ony türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzyna öwürdi.

Dabarada meşhur aýdymçylarymyzyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary, şahyryň şygyrlarynyň häzirki wagtda hem uly ähmiýete eýedigine aýdyň subutnamadyr. Şeýle hem aýdym-sazly dabarada çykyş edenler, söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat bähbitli manyly goşgularynyň giň mazmuny hakynda gyzykly hem täsirli söhbet etdiler. Türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahyryň şygyrlary dünýä, adamzat ýaly möhüm meselelerden başlap, hemme sowallara jogap tapyp bolýan gymmatly hazyna. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň adamzada zerurlygyny aýan edýär. Söz ussadynyň özbaşdak döwletli bolup, halkymyzyň agzybir, asuda durmuşda ýaşamagy hakynda eden ýagşy arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen dolulygyna hasyl bolup, häzirki döwürde ýurdumyz ösüşiň ak ýolundan ynamly öňe barýar – diýip, buýsançly bellediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda, söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we dünýä ýaýmak, akyldar şahyryň sarpasyny has-da belent derejelere götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.



Ogulgurban GAŞLAKOWA