Saglygymyz özümize bagly


Saglygymyz özümize bagly



Tomus aýlarynda sowuklama keselleri bilen köplenç sowadyjylaryň güýçli täsiri bolýan, arassa howada gezelenç etmeýän, köp aladalanýan, ukusyny doly almaýan adamlar näsaglaýarlar. Zyýanly endikler, az hereketlilik, nädogry we artykmaç iýmitlenmek, uky ýetmezçiligi, psihologiki ýagdaý, ekologiýa bilen bagly dürli zäherli täsirler, zyýanly derman serişdelerini ulanmak immunitete ýaramaz täsir edýär. Şunda ilki bilen, gündelik durmuşyňyzyň tertibini sazlaşdyrmaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly. Alada etmekligi aradan aýyrmak, bejergi wannalary ulanmak ýa-da aýdym-sazy diňlemek adamy bagtly we rahat edýär. Şeýle hem, dogry we sagdyn iýmitlenmeli. Iýmit adamyň bedenini iýmitlendiriji maddalaryň energiýasynyň, witaminleriň we mikroelementleriň ýeterlik mukdarlaryny özünde saklaýan bolmaly.
Kadaly iýmitlenmek diýip günüň dowamynda bedeniň kadaly işjeňligi üçin gerek bolan maddalaryň öwezini dolmaga ukyply bolan iýmit önümleriniň toplumyna aýdylýar. Hünärmenler fiziki taýdan sagdyn adama günüň dowamynda üç ýa-da dört gezek iýmitlenmegi maslahat berýärler. Dogry iýmitlenmek we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak üçin iýmit önümleri sagatlar boýunça deň peýdalanylmalydyr. Çenden artyk iýmeklik bedende ýaglaryň toplanmagyna we dürli keselleriň ýüze çykmagyna, şeýle-de immun ulgamynyň işjeňliginiň peselmegine getirýär. Dürli we peýdaly maddalara baý iýmitler bilen iýmitlenmeli. Taplanma çäreleri bedeni daşky gurşawyň ýakymsyz ýagdaýlaryna, ylaýta-da, gyzgyn howa bolan durnuklylygyna niýetlenen çäreleriň toplumydyr. Adam ýaşyny, saglyk aýratynlyklaryny nazara alyp, taplanma çärelerini yzygiderli geçirmek möhümdir. Şunda Günüň, howanyň we suwuň täsirlerini dogry ulanmak örän peýdalydyr. Taplanma çäreleri yzygiderli ulanylanda sowuklama keselleri bilen syrkawlamaklygy 2 — 5 esse peseldýär, kähalatlarda bolsa olary dolulygyna aradan aýyrýar. Taplanmanyň iň ýönekeý görnüşi kontrast duşy hasaplanýar. Immuniteti berkitmekde arassa howada gezelenç etmek, welosiped sürmek, dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmek, suwda ýüzmek hem has peýdaly bolýar. Hereket — bu ýaşaýyşdyr. Ynsan saglygy üçin hereketleriň hersiniň saglyk üçin aýratyn täsiri bardyr. Ähli hereketler bedeni sazlaýjy häsiýete eýedir.
Fiziki maşklaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegi daýanç hereket ulgamyny berkitmekde, dürli keselleriň öňüni almakda uly ýardam edýär, dogry dem almagy, beden ukybynyň başarjaňlygyna görä hereket etmegi öwredýär. Gan aýlanyş sazlaşyp, immun öýjükleri bedeniň ähli dokumalaryna we synalaryna çalt düşýär hem-de kesel döredijilerine garşylyk görkezijiligi güýçlenýär. Adamyň bedeniniň fiziki taýdan taýýarlygyny üpjün edýän hereketleri ýerine ýetirmegiň ähmiýeti uludyr. Hereketlilik, hereketde bolmak saglygy berkitmekdir.

Gülälek Nizamedinowa