Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze desgalarynyň gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze desgalarynyň gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy



18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.
Bütin dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň gatnaşmagy döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň hem-de Türkmenistanyň we Fransiýanyň uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Milli baýramy − Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, medeni we ykdysady ulgamlarda işjeň ösdürilmeginiň dowam edýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Milli Liderimiziň ynam bildirýän fransuz kompaniýalarynyň öz üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleri görýändigi aýratyn nygtaldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze özboluşly binalar we desgalar bilen ýetirilip, häzirki zaman Türkmenistanyň aýratyn buýsanjyna, depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär.