TÜRKMENISTAN — KOREÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR


TÜRKMENISTAN — KOREÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR



20-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.