Milli gymmatlyklarymyza bagyşlanyp döredijilik bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, medeniýetimizi, şekillendiriş sungatymyzy ösdürmekde ençeme işler durmuşa geçirildi.
Milli şekillendiriş sungatymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan baý taryhy ýoly bar. Watanymyzda ata-babalarymyzyň milli mirasyna daýanyp halkyň döreden çeperçilik sungatynyň gymmatyna düşünmegi, şekillendiriş sungatynyň görnüşleriniň ähmiýetine göz ýetirmegi, döwürleriň talaplary bilen emele gelen sungat umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen, bahasyna ýetip bolmaýan eserlerine buýsanmaklary, döwrebap sungat akymlarynyň derejesini we gymmatlyklaryny ösüp gelýän ýaş nesillerimize öwretmek wajyp meseleleriň biridir.
Nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, amaly-haşam sungaty, kino we sahna bezegi ady belli ussatlaryň we ýaşlaryň işinde özüniň täze beýanyny tapdy. Hut şu günlerde öz taryhyňy, nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryňy bilip, onuň ösüşini dowam etmek mümkindir. Bu nukdaýnazardan ugur alyp Türkmenistanyň Bilim Ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda, Türkmenistanyň orta hünär we hünär-tehniki okuw mekdepleriniň talyp oglanlaryň arasynda “Ussat gören şägirt her ädimde ýorgalar” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň jemi 14 sany orta hünär okuw mekdepleri işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde Türkmenistanyň nakgaşçylyk,
amaly-haşam sungat ugurlaryna bagyşlanyp döredilen birnäçe ajaýyp eserler halkymyza ýetirildi. Zehinli ýaş suratkeşler biziň türkmen milliligimizi,
däp-dessurlarymyzy, tebigatymyzyň gözelligini, ajaýyplygyny wasp edýän döredijilikli işleri bilen bu bäsleşikde öz gujur gaýratlaryny açyp görkezdiler.
Halypa şägirtlik ýoluny dowam edýän zehinli talyplaryň döreden el işleri döwrebap bilim alýandyklaryndan nyşandyr.
Azat ALIHANOW