Halk Maslahatynyň mejlisinde 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüt kabul edildi
11-nji fewralda Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, bu forum biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi.
Mejlisiň gün tertibine 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, geljekki 30 ýyl üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň beýleki möhüm soraglaryna garamak meseleleri girizildi.
Halk Maslahatynyň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda Halk Maslahatynyň agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar bar.
Sanly ulgam arkaly mejlise Ahal welaýatynda “Türkmeniň ak öýi” binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň Ruhyýet köşklerinde ýygnanan ähli welaýatlaryň wekilleri hem goşuldylar.