SEPGITDE SAGDYN BOLUŇ!
Pasyl çalşyp, howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin bedeniň immun ulgamynyň kesele garşy durnuklylygynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli.
Kadaly iýmitleniň!
Sepgit döwri saglygymyzy berkitmek, özümizi dürli kesellerden gorap saklamak babatda jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar. Islendik adam her paslyň aýratynlyklaryna görä, oňa uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysa bedeniň immun, madda çalşygy ulgamlarynyň işjeň gatnaşmagynda amala aşýar.
Güýz paslynda hem adamlar dürli ýokumlara, mikroelementlere baý önümleri ýeterlik mukdarda iýmelidigini ünsden düşürmeli däldirler. Çünki bu döwürde howanyň salkynlamagy netijesinde günüň işjeň hereket bilen geçýän wagtynyň dowamlylygy-da artýar. Hasyl ýygnamak ýaly güýzki meýdan işleri
ýa-da zähmetiň beýleki görnüşleri bilen baglylykda hem adam bedeni her gün ýeterlik güýç-kuwwat toplamaly. Ene topragymyzda bitýän miwelerden we gök önümlerden taýýarlanan milli tagamlar, dürli işdäaçarlar, bakja önümleri bedenimizi gerekli mukdarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýär. Kakadylan miweler goşulyp içilýän gök çaý adamlaryň köp isleg bildirýän esasy içgileriniň biridir.
Pasla görä geýniň!
Adam tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýar. Ýokanç keselleriň öňüni almakda pasla görä geýinmegiň örän uly ähmiýeti bar. Derlän wagtyň öýde açyk duran penjire bilen gapynyň arasynda emele gelen şemalyň ugrunda durmaly däl. Saçlar ýuwlandan soň, dogry we doly guradylmalydyr. Her paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda, gün tertibini dogry berjaý etmegi ýatdan çykarmaň!
Kadalary berk berjaý ediň!
Häzirki wagtda, howadaky tozan bölejikleriniň artýan döwründe agyz-burun örtüklerini dogry we doly dakynmaly. Daşary çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Daş-töweregi¬ňizdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamaly. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly hem-de zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Iş we öý otaglarynyň howasyny ýelejiredip durmaly. Milli tagamymyz bolan gyzyl burç we sarymsak goşulan unaşy içmeli. Şol bir wagtda dürli iýmit zäherlenmeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny-da dogry berjaý etmeli. Lukmanlaryň berýän beýleki maslahatlaryna hem berk eýermeli. Berilýän maslahatlary doly we dogry berjaý etmegiň özümiziň hem
daş-töweregimizdäkileriň saglygy üçin örän uly ähmiýete eýedigini unutmaň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.