Türkmenistanyň Döwlet sirkinde «Altyn balyk» sirk oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar


Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi



Ertir — 16-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Täze ýyl baýramy mynasybetli sahnalaşdyrylan «Altyn balyk» atly sirk oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň şowhunly sahnalaryna, dünýäde uly meşhurlyk gazanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň atyň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketlerine, parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderileriň täsin tomaşasyna, ýakymly sazlaryň astyndaky tanslara, gimnastikaçy türgenleriň, akrobatlaryň ajaýyp çykyşlaryna, milli usulda terbiýelenen türkmen alabaýlarynyň hem-de düýeleriň, şadyýan maýmynjyklaryň lezzetli tomaşasyna, şeýle hem sirk ussatlarynyň erjellik, tutanýerlilik we çalasynlyk bilen görkezjek şowhunly çykyşlaryna syn edip bilersiňiz.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde masgarabazlaryñ gülküli çykyşlaryny, çaga dünýäsine ýokary derejeli täsir etjek güjüjekleriň, şeýle hem taýlaryñ tomaşasyny synlamak mümkinçiligine eýe bolarsyňyz.

Türkmenistanyň Döwlet sirki sizi maşgalaňyza we ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary sowgat etjek gyzykly tomaşalary görmäge çagyrýar.

Bu tomaşanyň 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ikinji gezek görkeziljekdigini aýratyn bellemelidiris.

Habarlaşmak üçin: (+99312)36-10-95, 36-10-34.