“Parahatçylyk ýoly bilen dünýä dolan Diýarym”


“Parahatçylyk ýoly bilen dünýä dolan Diýarym”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gypjak Medeniýet öýünde “Parahatçylyk ýoly bilen dünýä dolan Diýarym” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Bu çärede çykyş edenler ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan gatnaşyklar barada has-da birek-birege bolan ynanyşmagy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler dogrusynda we Türkmenistan watanymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklary barada gürrüň berdiler.Duşuşygyň dowamynda şahyr özüniň ömri we döredijiligi barada hem-de ýylyň şygaryna bagyşlap ýazan birnäçe goşgularyny okap berdi.
“Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Çärä gatnaşanlar ajaýyp zamanada okamaga, işlemäge döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.