“Suratkeş bolasym gelýär” atly bäsleşik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi bilen bilelikde paýtagtymyzyň gözel künjegi “Daşkent” seýilgähinde B. Nuralyýew adyndaky çeperçilik mekdebinde okaýan höwesjeň ýaşajyk suratkeşleriniň arasynda “Suratkeş bolasym gelýär” atly bäsleşigini geçirdi.
Bu bäsleşikde kitaphana hünärmenlerimiz gözel paýtagtymyzyň taryhyny we şu günki gündäki binagärlik aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da türkmen-özbek dost-doganlyk halklarynyň özboluşly milliligi hakynda sorag-jogap alyşdylar.
Bäsleşikde eziz Watanymyzyň gözel künjeklerini şekillendirip ýeňiji bolan ýaşajyk suratkeşlerimize Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda seýle ajaýyp durmuşda ýaşaýan ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.