Şan-şöhraty arşa galan bedewler


Şan-şöhraty arşa galan bedewler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminde «Şan-şöhraty arşa galan bedewler» atly kitap sergisi gurnaldy.

Bu kitap sergisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler barada edilýän tagallalarynyň uludygyny açyp görkezýär. Kitap sergimizi görmäge gelen her bir okyjy, bu ýerde özlerine gerekli maglumatlary tapýarlar, hem-de gerekli bolan kitaplaryny alyp görmäge hem giň mümkinçilikler döredilýär. Sap ganly ahalteke bedewlerimizi saklamaklyk üçin hemme mümkinçilikleri giňden döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

Ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş türkmen halkyny gyzgyn gutlaýarys. Goý, olaryň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin!