Şygryýet agşamy


Şygryýet agşamy



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda tatar şahyry Musa Jeliliň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap «Hakykatyň we söýginiň şahyry» atly şygryýet agşamyny geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni söhbetdeşligiň dowamynda tatar şahyry Musa Jeliliň ömri we döredijiligi hem-de edebi mirasynyň örän uly hem çuň many mazmunlydygy barada mekdebiň ýokary synp okuwçylaryna giňişleýin gürrüň berdi. Olar hem öz gezeginde M.Jeliliň ýazan şygyrlaryndan labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de şahyryň şygyrlaryndaky beýan edilýän watansöýüjilik, tämiz ahlaklylyk, merdanalyk ýaly häsiýetler dogrusynda sowal-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.