«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi


«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet gurluşyk-binagärlik institutynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi asyrlaryň dowamynda türkmen edebiýatynyň genji–hazynasy bolup, şahyryň öwüt ündewe ýugrulan şygyrlary ýaş nesle bilim terbiýe bermekde umumadamzat gymmatlyklaryny olaryň aňyna ornaşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedigi barada şeýle-de onuň giň we çuňňur many-mazmuna baý şygyrlarynda türkmeniň asylly ýörelgelerini, millilik, agzybirlik dost-doganlyk, watançylyk ýaly setirlerinde ussatlyk bilen beýan edilýandigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Berkarar döwlet islärin» atly gepleşiginde ýazgy edildi.