“Meniň dilim seniň eliň hünäri, nusga bolup galsyn ilden illere”
Aşgabat şäher medeniýet müdIrliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda “Meniň dilim seniň eliň hünäri, nusga bolup galsyn ilden illere” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda ýurdumyzyň beýik ösüşlere, taryhy wakalara beslenýändigini, ajaýyp taryhy wakalaryň biri hem türkmen keşdeçilik sungatynyň “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçilik däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berjilik däbi” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu taryhy waka ähli türkmen halkyny begendirendigini, aýratynam gelin-gyzlarymyzy has-da el hünärlerine bolan höweslerini artdyrýanlygy hakynda söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda ene-mamalarymyzyň milli - mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, örüm örmek, dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleri bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelendiklerini, pähim-paýhasdan gözbaş alýan ol nusgalyk el işler gyz-gelinlerimiz tarapyndan häzirki wagta çenli dowam etdirilip gelinýändigi, ene-mamalarymyz, gelin-gyzlarymyz öz el işlerinde ýürek arzuwlaryny el hünäri bolan syrly nagyşlara siňdirendikleri barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz diýarymyzda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, ösdürmekde we wagyz etmekde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.