“Arkadagly Parahat Watan”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Täze zaman Medeniýet öýünde “Arkadagly Parahat Watan” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda uludan toýlanan toý-baýramlar, sahawatly Diýarymyzyň buýsandyryjy ösüşleri, Parahatçylygy döwlet syýasatynyň baş ugry hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda parahatçylyk babatda gazanylýan uly üstünlikler ýetilen belent sepgitleri, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan “Ýaşasyn parahat durmuş” atly ajaýyp goşgusy diňe bir türkmen halkyny däl eýsem, bütin dünýä halklaryny hem agzybirlige, parahatçylyga çagyrylyşy şu goşgynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyny bagtyýarlyga alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.