«Sepilen tohumlar rysk bolup galdy, bereket eçildi, desterhan boldy»


«Sepilen tohumlar rysk bolup galdy, bereket eçildi, desterhan boldy»



Garaşsyz Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Hasyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Sepilen tohumlar rysk bolup galdy, bereket eçildi, desterhan boldy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk dabara kitaphananyň hünärmenleri we okyjylary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty barada giňişleýin gürrüň berdiler. Hasyl baýramy rysgal-berekediň baýramy bolup, ol saçaklarymyzyň dolulygyny aňladýar. Bereketli topragymyzda ýetişdirilýän ähli gök-bakja önümleriniň ak bazarlarda bol bolup, halkymyzyň azyk bolçulygyny döredýär. Bu baýramçylyk dabarasynda şahyrlar Hasyl baýramy bilen bagly öz döreden goşgulary bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny ösdürmekde edýän aladalaryna minnetdarlyk sözleri aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin!