“Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň öçmejek nury”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň öçmejek nury” ady bilen göçme sergi gurnaldy we sergä syn berildi.
Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini ylmy esasda öwrenmek babatda giň gerimli işlere badalga berilýär. Şahyryň watançylyk temasyndaky goşgulary, onuň dürli taraplaryny öz içine alýar, mähriban topragymyzyň hakyky watançysy we joşgunly waspçysy höküminde dünýä tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde hem Magtymguly atamyzyň dürli temada ýazan setirleri öz beýanyny tapýanlygy barada we sergide ýerleşdirilen kitaplaryň her biriniň manysy barada gysgaça berilen maglumatlar okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Liderimize, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.