“Arkadag şäheri gül açýar bu gün, Nesillerimiz bilen beýgelýär döwür”


“Arkadag şäheri gül açýar bu gün, Nesillerimiz bilen beýgelýär döwür”



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri gül açýar bu gün, Nesillerimiz bilen beýgelýär döwür” atly maslahat geçirildi.

Binýady berkden tutulan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda has uly belentlikleri nazarlap, ynamly öňe barýan ýurdumyzyň her gününe ajaýyp pursatlary, şanly wakalary bagyşlaýar. Ine,bu gün hem ata Watanymyz, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýagny täze 2023-nji ýyla gadam basdy. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Ahal ýaýlasynda sebitde deňi taýy bolmadyk, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji “akylly” şähere “Arkadag şäheri” diýip at dakylmagy, bu şäherde medeniýet we sungat edaralarynyň gurulýandygy, olara ýurdumyzyň görnükli şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Ahal welaýat kitaphanasyna nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy ähli halkymyz bilen birlikde biz – kitaphanaçylaryň hem göwnüni galkyndyrandygy, mukaddes kärimize bolan buýsanjymyzy yhlasymyzy artdyrýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän, parahatçylygy we asudalygy pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.