Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy ýoly bar. Ol taryhy ýol baý medeni mirasda jemlenendir. Şeýle gymmatly mirasyň aýdyň mysaly bolsa Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligidir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sorag-jogap bölümi «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» atly söhbetdeşligini geçirdi.
Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň we bütin adamzadyň kalbynda çuňňur orun alan şahyr. Ol döredijiliginde halkymyzyň egsilmez baýlygy bolan milli mirasymyzdan ylham we kuwwat alýar, hut şonuň üçin hem, onuň goşgulary halk köpçüligi üçin örän düşnükli bolup ruhuňa ornaşýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenenimizde milli ýörelgelerimize, nesil terbiýesine ýüzlenýäris. Şunda dana şahyryň eserleri aýratyn ähmiýete eýe bolup, ençeme nesilleriň kemala gelmeginde uly orun tutýar. Akyldar şahyryň goşgularyny ýaş nesillere öwretmek bilen, olarda milli gymmatlyklara bolan belent sarpany terbiýelemek bolýar diýip, giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň soňunda ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.