Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany


Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany



2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň müdiri Tirkeş Hümmiýew, welaýat kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň müdiri Bahar Amanowa, TDP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow dagylar çykyş etdiler.

Çykyş edenler 2020-nji ýylyň Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýän oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň, Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan beýik işleriniň subutnamasydyr-diýip belläp geçdiler.
Olar Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň netijesinde bu gün Türkmenistany bütin dünýä tanaýar diýip buýsanç bilen aýtdylar. Soňra welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Sapargül Saparowa “2020-nji ýyl Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany”atly kitap sergisiniň many-mazmuny bilen dabara gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrdy.