«Siz durmuşyň gözelligi, geljegi»
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 1-ne «Aşgabat» seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap, «Siz durmuşyň gözelligi, geljegi» atly çäre geçirdi. Çärä kitaphananyň körpeje okyjylary hem gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda çagalar surat çekmek, goşgudyr ertekileri aýdyp bermek boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle-de kitaphananyň gurnan «Bagtyýar nesiller» atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar sergide ýerleşdirilen ertekili kitaplary uly höwes bilen okadylar. Körpeje okyjylarymyza Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar hem gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.