Gözelligiňe dünýä haýran Aşgabat
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Aşgabat stadionynda “Gözelligiňe dünýä haýran Aşgabat” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gözel paýtagtymyz barha ajaýyp keşbe eýe bolýandygyny, taryh üçin gysga döwürde gözel paýtagtymyzyň şeýle ajaýyp öwüşgine girmegi diňe bir türkmen halkyny dälde eýsem, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlary hem haýrana goýýar. Bu bolsa merjen şäherimiziň görkanalygy, kaşaň-kaşaň, owadan binalary, daş-töweregiň arassalygy, saýaly baglaryň gözellik küýsän kalbyňa hoşamaýlyk paýlaýan suw çüwdürimli seýilgähler, medeni dynç-alyş ýerleri ýurdumyza gelýän myhmanlaryň kalbynda has-da buýsanç duýgusyny döredýänligi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň : “Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi” diýip belleýşi ýaly, bu günki gün gözel paýtagtymyzyň gözel keşbine syn edeniňde türkmen edebiýatynyň görnükli wekili we halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň “Isgender, Jemşit saldyran beýik binalar görüner” diýen setirleri ýadyňa düşýandigini belläp, gözel paýtagtymyzyň beýik binalaryny wasp etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Berkarar Diýarymyzy, gözel paýtagtymyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.