“Çagalarymyzyň bagtyýarlygy – Watanymyzyň geljegi”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezinde geçirilýän kitap ýarmarkasynda “Çagalarymyzyň bagtyýarlygy – Watanymyzyň geljegi” ady bilen göçme sergi gurnaldy.
Bu baýramçylyk çärede Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy özüniň “Çagalarymyzyň bagtyýarlygy – Watanymyzyň geljegi” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisi çärä gatnaşan çagalarda we olaryň ene-atalarynda uly gyzyklanma döretdi. Olar kitap sergimizde ýerleşdirilen kitaplary uly gyzyklanma bilen okap gördüler. Mundan başga-da çagalara degişli birnäçe kitaplar bilen bir hatarda türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Owadan suratlar bilen bezelen bu ajaýyp kitap sergimiz çärä gatnaşan çagalarda we ene-atalarda uly gyzyklanma döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.