Bagtyýar nesiller - bilim ýolunda
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we Arkadag şäheriniň iňlis dili dersinden ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Bagtyýar nesiller - bilim ýolunda» atly mekdep okuwçylaryň arasynda bäsleşik geçirildi.
Ýurdumyzda ýaşlara bilim ugurunda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Ylaýta-da ýaş nesiller hakyndaky edilýän aladalar bimöçberdir.
Bäsleşigiň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň giň döredijilik älemi, terbiýeçilik bilen baglanyşykly şygyrlaryna hem ýüzlenildi.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, ruhy we ahlak taýdan kämil nesiller bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri buýsanç bolup ýaňlandy.