Dünýä gözelligine soltan halylar


Dünýä gözelligine soltan halylar

Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýä gözelligine soltan halylar» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çärede çykyş edenler halyçylyk türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri bolup, türkmeniň kalby, gyz-gelinlerimiziň döreden gözellik nusgasy bolansoň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat derejesine ýetirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym- sazlar ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.