Paýtagtym beslenýär gülzar baglara, Buýsanjymyz artýar bagtly çaglara


Paýtagtym beslenýär gülzar baglara, Buýsanjymyz artýar bagtly çaglara

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Paýtagtym beslenýär gülzar baglara, Buýsanjymyz artýar bagtly çaglara» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gurulýan binalaryň her biriniň ak arzuwly ertekini ýadyňa salýandygy, Aşgabat özüniň tämizligi, arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göwünleri galkyndyrýandygy, taryhyň şöhratly we synagly sahypalaryny başdan geçiren mermer paýtagtymyz Aşgabadyň bu günki gün galkynýandygy, gözelleşýändigi, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ak mermerli binalary bilen diňe bir öz ildeşlerimizi däl, eýsem, daşary döwletlerden gelen myhmanlary hem haýrana goýýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň «Ýaşlyk» höwesjeň halk topary Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.