Aşgabat gözelligiň şäheri


Aşgabat gözelligiň şäheri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Aşgabat» söwda dynç alyş merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat gözelligiň şäheri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler bu gün ata Watanymyzyň ýüregi ak mermerli Aşgabadyň ady alyslardan-alyslara kämil binagärligiň, gözelligiň we söýgüniň şäheri höküminde dabaralanýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler we şeýle-de Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäheriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi bolsa paýtagtymyzyň halkara abraýynyň ýene-de bir gezek beýgelýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda paýtagtymyzy dünýäniň nusgalyk şäherine öwrülmeginde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.