Aşgabat - bagtyýarlygyň mekany


Aşgabat - bagtyýarlygyň mekany

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Ýasmansalyk, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat - bagtyýarlygyň mekany» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Watanymyzyň ýüregi gözel Aşgabadyň mähriban ady her bir türkmen halkynyň kalbyny ajaýyp mukam bolup, onuň keşbine kämillik, päkizelik, ýaşlygyň hem-de ýaşaýşyň hyjuwy siňen paýtagtymyz bu günki gün dünýäniň iň bir ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ak şäherimiz Aşgabady bagtyýarlygyň, rowaçlygyň beýik ösüşleriň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.