Aşgabat - bagtyýarlygyň şäheri


Aşgabat - bagtyýarlygyň şäheri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat - bagtyýarlygyň şäheri» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşlere beslenýändigini, gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy bolan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň wysal bolýan ýeri merjen paýtagtymyz bu gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýandygyny buýsanç bilen bellediler. Mundan başga-da hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz özüniň milli binagärlik däpleri, ak mermerli binalary, ekologik arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri özüne bendi edýändigini we göwnüňi galkyndyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda gözel paýtagtymyzy beýik ösüşler bilen dünýä meşhur edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.