Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi


Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatynyň «Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi» atly 1-nji bölümçesi geçirildi.

Halkara maslahatynyň 1-nji bölümçesinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, şeýle hem biziň ýurdumyzdan gelen alymlar Magtymgulyşynaslar, medeniýet we sungat işgärleri çykyş etmek bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin we täsirli söhbet etdiler. Magtymguly Pyragy Gündogaryň iň bir ýagty şuglaly parlak ýyldyzy. Şygyr äleminiň täji. Muňa halkara maslahatyna gatnaşan myhmanlaryň, alymlaryň, edebiýatçylaryň, döredijilik we sungat işgärleriniň eden gyzykly gürrüňleri hem şaýatlyk edýär. Öz bilşimiz ýaly, Köpetdagyň eteginde bolsa, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ajaýyp ýadygärliginiň açylmagy, biziň hemmämizi diýseň begendirdi we buýsandyrdy. Halkara maslahatynyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.