Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy» ady bilen söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýanlygyny, akyldar şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň eserleriniň üsti bilen sahawatlylyk, halallylyk, päklik, il-güne wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriň öňe sürülýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.