Watanyň söweşjeň esgeri, zehinli şahyr Nurberdi Pommanyň doglan gününiň 115 ýyllygyna


Watanyň söweşjeň esgeri, zehinli şahyr Nurberdi Pommanyň doglan gününiň 115 ýyllygyna

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde «Ol ine şeýle adamdy...» atly ýazyjy Nurberdi Pommanyň 115 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Çärämiziň dowamynda Watanyň söweşjeň esgeri, zehinli şahyr, prozaçy görnükli türkmen şahyry Nurberdi Pommanyň şahyrana döredijiligi, çeper eserleri barada «Gatakar» romany hakynda täsirli gürrüňler edildi.

Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan N.Pommanyň türkmen edebiýatyny ösdürmäge goşant goşan eserleriniň göçme kitap sergisi edildi. Çärämize işjeň gatnaşan okuwçylar şahyr N.Pommanyň döreden goşgularyny ýatdan, labyzly aýdyp bermekleri dabaramyzy has-da bezedi.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýazyjy-şahyrlaryň edebi döredijiligini ýaş nesillere giňden wagyz etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygyny beýan etdiler.