Şan-şöhraty dünýä dolan Pyragy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde, tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň gatnaşmagynda «Şan-şöhraty dünýä dolan Pyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimize ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli il-ýurt we bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýip belleýşi ýaly ynsan kalbynda baky orun alan akyldaryň döredijiligi gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.